Haýsy miweleri şänigi bilen iýmek bolýar?

  • 02.01.2020 12:30
  • 6k+

Tebigatda şänigi kellagyrydan halas ediji we howply keselleriň güýçlenmeginiň öňüni alyjy köp peýdaly maddalary özünde saklaýan miweler hem ösýär. Geliň, şu ýerde haýsy miweleriň şänigini çeýnäp ýuwdup bolýandygyny, haýsylarynyň bolsa zyýan getirip biljekdigini belläp geçeliň.
Haýsy miweleriň şänigini asla ýuwutmaly däl?
Ilkinji nobatda üljäni ýada salmaly, onuň şänigi diňe bir ajy bolman, eýsem, özünde amigdalin atly maddany hem saklaýar. Ol aşgazanyň kislota gurşawyna düşen badyna, iki sany başga madda bölünýär – glýukoza we sian turşusy. Soňkusy güýçli zäherlenmäniň sebäbi bolup bilýär. Tejribeleriň aýtmagyna görä, şol sebäp bilen hem adamlara almanyň, armydyň, garalynyň we çerýomuhanyň şänigini ýuwutmak bolmaýar.
Saglyk üçin haýsy miweleriň şänigi peýdaly?
Nary şänigi bilen arkaýyn iýmek bolýar, ýöne ony gowy çeýnemeli. Şeýle usul bilen nary iýmek arkaly adamlar diňe bir köp peýdaly maddalary kabul etmän, eýsem, täsin ösümligiň miwesiniň has hem baý tagamyny duýup bilerler. Narda peýdaly komponentler diýseň köp, olaryň arasyndan A, B we E witaminleri bellemek bolar. Dietologlar naryň şänikleriniň aşgazany berkidýändigine we iýmit siňdiriş organlarynyň ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigine ynandyrýarlar.
Şeýle-de, adamlar islän wagtlary limon, apelsin we mandarin ýaly sitruslaryň hem şänigini arkaýyn iýip bilýärler. Limon şäniklerini kellagyry wagtynda çeýnemek bolar.
Barlagçylaryň pikiri boýunça, apelsiniň we mandariniň şänikleri garabaş keselleri bilen göreşde örän peýdaly. Esasy zat peýdaly maddalaryň ýogyn we berk gabykdan çykyp bilmegi üçin, şänikleri suw bilen içmän, hökmany suratda gowy çeýnemelidigini ýatda saklamaly.
Garpyzyň şänikleri rak keseliniň güýçlenmegine ýol bermeýär hem-de ýüregiň işleýşini gowulandyrýar. Kädiniň çigitleri madda çalşygyny kadalaşdyrýar we iýmit-siňdiriş organlarynyň keselleri bilen göreşmekde kömek edýär.

düýn 14:31
1.8k+

ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek bir hassa böwrek iki gezek oturdyldy

Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär...

28.02.2026 19:43
16k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

26.02.2026 12:35
5.2k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.7k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...