Täze ýyl şähdaçyklygyny nädip döretmeli — psihologyň maslahaty

  • 28.12.2019 22:28
  • 8.6k+

Eger-de täze ýylda keýpiň ýok bolsa, ýerine ýetirilmedik işleriň sanawy hem barha artyp, gaharyňy getirdýän bolsa näme etmeli? Psiholog ähli işleriňi bitirmäge we şähdiňi açmaga kömek etjek laýfhaklaryň (emeller) bardygyny aýtdy.
«Ilkinji etmeli zat – ähli güýjüňi Täze ýyldan öň galan günler boýunça paýlaşdyrmaly. Çünki bu işler kelläňde ýerine ýetirilmegine garaşylýan «gara sanaw» bolmaly däl. Iň gowusy işleriň sanawyny kagyza ýa-da smartfona geçirmeli, şonda ol ünsüňi sowmagy we güýjüňi almagyny bes eder.
Ikinji – 31-nji senede irden we agşam näme etmelidigi düşnükli bolar ýaly, şol gün işiňi maksimum azaltmaly, gündiz bolsa hökman ukyňy almaly. Gowusy ähli işleriňi 27, 28, 29-njy senelere paýlaşdyryp, 30-njy dekabry hem ýeňilleşdirmeli.
Üçünji – yzygiderliligi saklamaly. Howlukmaly däl, ýüküňi agyrlaşdyrmaly däl, ähli zady meýilnama boýunça yzygiderli ýerine ýetirmeli. Bellenilen sanawyň ähli “jadysy” onuň yzarlanylmagynda we ýerine ýetirilmeginde jemlenýär» — diýip, psiholog Teleprogramma.pro portalyna gürrüň berdi.
Şeýle-de, psiholog baýramçylyk atributikasynyň hem şähdiňi açmakda örän möhümdigini belledi. Arçany bezemek, sowgatlary owadan kagyzlara dolamak, gowy aýdymlary diňlemek – bularyň ählisi emosiýa oňaýly täsir edýär.
«Eger-de durmuşyň ýürekgysgynç bolsa hem-de hiç zat edesiň gelmese, onda açyk reňkler, köpräk ýagtylyk, şadyýan aýdymlar, süýji tagamlar gerek. Özüňi hem hökman nämedir bir zat bilen “läliksiretmeli”! Özüňe täze ýyl sowgatjygyny satyn almaly, bolmasa baýramçylyk – baýramçylyk däl».

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....