Aşgabatda Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlary açyldy

  • 26.12.2019 06:48
  • 5.1k+

25-nji dekabrda paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsi ulanylmaga berildi. Açylyş dabara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdy. Nobatdaky binagärlik-gurluşyk açylyş dabarasy — Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze jaýlaryň ulanmaga berilmegi amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi
Köp gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga niýetlenendir. Şeýlelikde, şu gün Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy.
Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy barada hem alada etdiler. Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly, yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......