Balkan welaýatynda täze döwrebap oba açyldy

  • 26.12.2019 05:47
  • 4.4k+

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze döwrebap «Rowaç» atly obanyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat häkimi gatnaşdy.
Täze obada jemi üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň 268-si guruldy.
Täze açylan çagalar bagy körpeleriň 160-syna niýetlenendir. Bu ýerde ýaş toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Binada giň we ýagty otaglar, şol sanda çagalar üçin oňaýly ýatakhanalar, sapaklary geçirmek üçin niýetlenen otaglar, aýdym-saz otagy hem-de sport zaly ýerleşýär.
320 okuwça niýetlenen mekdepde hem ösüp gelýän nesliň döwrüň talabyna laýyk ýokary hilli döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Mundan başga-da, täze obanyň ýaşaýjylary üçin Medeniýet öýi guruldy.
Täze obada gurlan Söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Obadaky Hyzmatlar öýi hem şäherdäki şeýle desgalardan birjik-de pes durmaýar. Mundan başga-da, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon stansiýaly aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.
“Balkan gurluşyk” önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bu desgalaryň gurluşygynyň potratçylary bolup çykyş etdiler. Bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge «Balkannebitgazgurluşyk» kärhanasy we «Bagtyýar ýaşlar» we «Sarydaş» hususy gurluşyk kärhanalary hem gatnaşdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......