Aşgabadyň Halkara howa menzili awariýa-halas ediş türgenleşiklerini geçirdi

  • 22.12.2019 22:10
  • 9.1k+

Howa gatnawlarynyň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (IKAO) howpsuzlyk kriteriýalaryny we maslahatlaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabadyň Halkara howa menzili awariýa-halas ediş türgenleşiklerini geçirdi. Bu barada ORIENT habar berýär.
Aşgabat – Daşoguz ýolunyň böleginde geçirilen türgenleşiklere awariýa-halas ediş toparlary, aeroportyň gulluklarynyň we bölümleriniň başlyklary, uçarmanlar, uçarbeletler, serhet we gümrük gulluklarynyň brigadalary gatnaşdylar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Mi-8 dikuçary, şäher tiz kömek gulluklarynyň brigadasy we beýleki tehnikalar herekete getirildi.
Bellenilen meýilnama laýyklykda, ýagny uçar howa galyp başlanynda onuň hereketlendirijisine guş sürüsiniň düşmegi bilen mejbury gonmakda — türgenleşige gatnaşjylar ýolagçylary, ekipažyň agzalaryny, ýükleri we awiasion tehnikalary halas etmekde operatiwlik görkezdiler. Olar «ejir çekenlere» ilkinji lukmançylyk kömegini berdiler, wakanyň «bolan ýerinden» adamlary halas etdiler.
Türgenleşige gatnaşanlaryň ählisi adatdan daşary we awariýa ýagdaýlarynda tiz herekete gelmekde oňat taýýarlyk görkezdiler. Türkmen raýat awiasiýasynyň howpsuzlyk gulluklary bolsa halkara ülňülerine laýyklygyny subut etdiler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......