Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazow hatyralandy

  • 21.12.2019 23:47
  • 5.9k+

21-nji dekabrda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazow hatyralanyp, onuň paýtagtyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde ýerleşýän heýkeline ter gül desseleri goýuldy. Ýatlama çäresine gatnaşmak üçin ir säher bilen bu ýere Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle-de paýtagtyň köpsanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary ýygnandy. Olar gül desselerini goýup, ýurduň Garaşsyzlygyny hem hemişelik Bitaraplygyny gazanmakda we berkitmekde uly işleri bitiren ilkinji Prezidentiň heýkeliniň öňünde tagzym etdiler.
Az wagtdan ýadygärligiň töweregi ter gül çemenlerine beslendi. Munuň özi ynsanperwer, adyl syýasaty ýöredýän hormatly Prezidentiň parasatly ýolbaşçylygynda agzybir milletiň hakydalarda baky orun alan türkmeniň görnükli ogullarynyň birine goýýan hormatynyň örän uludygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda pederlerden miras galan asylly ýol-ýörelgeler bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýar. Türkmen halky ata-babalardan bäri nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän ynsanperwerlik, ulyny sylamak, öten-geçenleri hatyralamak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna uly sarpa goýýar hem-de olary yzygiderli berjaý edýär. Ýurduň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresine türkmenistanlylaryň köp sanlysynyň gatnaşmagy hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......