Facebook Android-iň ornuny tutjak şahsy operasion ulgamyny taýýarlaýar

  • 21.12.2019 23:10
  • 2k+

Şonuň bilen bir wagtda hususy ses assistentiniň üstünde hem işler alnyp barylýar.
«The Information» agentliginiň täze hasabatyna görä, Facebook kompaniýanyň Android-e bolan garaşlylygyny peseltmäge ýardam etjek şahsy operasion ulgamyny işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda taslama Windows NT-niň üstünde işlän, Microsoft-yň weterany Mark Lukowskiý ýolbaşçylyk edýär
Hasabatda şahsy operasion ulgamynyň ulanyljak gurşawlary we niýetlenişi baradaky maglumatlar az, ýöne kompaniýanyň geljekki dewaýslarynda Google programma üpjünçiligine mätäçlik bolmajakdygy bellenilýär. Muny wirtual hakykat bölüminiň ýolbaşçysy Fikus Kirpatrik tassyklady.
Şunuň bilen birlikde Facebook kompaniýasynyň real hakykat bilen üsti ýetirilen “Orion” açar sözli äýnekleriň taslamasy baradaky maglumatlary hem ýüze çykdy. Olar eýýäm
2023-nji ýylda çykarylyp başlanmaly we elbetde, enjam kompaniýanyň hut şahsy operasion ulgamynda işlär. 2023-nji ýylda Apple kompaniýasynyň hem öz AR-äýneklerini görkezmeginiň mümkindigi-de bellärliklidir, emma olar barada gürrüňler heniz az.
Şeýle-de, hasabatda Facebook-yň şahsy apparat çipini we ses kömekçisini işläp düzýändigi baradaky maglumatlar hem bar. Bu ugurlaryň ählisiniň ösmegi Facebook-yň has garaşsyz bolmagyna mümkinçilik berer – soňky wakalardan netije çykarsak, bu hakyky tehnologik trend bolar.

düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
613

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......