Huawei Londonda 5G mümkinçilikleriniň demonstrasiýa merkezini açýar

  • 20.12.2019 23:39
  • 2.2k+

Huawei kompaniýasy Birleşen Korollygyň paýtagtynda «5G Innovation and Experience Centre» diýlip atlandyrylan bäşinji nesil ulgamynyň mümkinçilikleriniň demonstrasiýa merkezini açdy. Telekommunikasion enjamlaşdyrylyş kärhanasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu merkez “täzelikçileriň we telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek eder we 5G ekosistemasynyň geljekki ösüşine ýardam berer”.
Huawei tarapyndan açylan merkez 5G tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen bagly bilimleriň we tejribeleriň alyş-çalyş platformasy bolar diýlip hasaplanylýar. Elbetde, onuň hereket ediş çägi Beýik Britaniýa bilen çäklendirilenok.
Merkeze gelenler dowam edip duran wagtda gyzykly interaktiw oýunlara baha berip, wirtual we hakykat bilen doldurylan tehnologiýalary peýdalanmak arkaly özleriniň söýgüli topary bilen oýnap, şeýle-de 5G-niň başga mümkinçilikleri bilen tanşyp bilerler.
Üçünji çärýegiň hasabatynda Huawei kompaniýasy Beýik Britaniýanyň iri operatorlaryndan başlap, aragatnaşygyň öňdebaryjy dünýä operatorlary bilen 5G ulgamy boýunça çözgütleri ýola goýmakda 60-dan gowrak söwda şertnamalaryny baglaşandygyny habar berdi.

düýn 16:56
1.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....