Günde iki alma ýürek bilen bagly meselelerden gorar

  • 19.12.2019 22:51
  • 3.6k+

Almanyň peýdasy hakynda her birimiz eşitdik. Ylmy maglumatlara görä, alma çilim çekip taşlan adamlaryň saglygyny dikeltmäge kömek edýär, rak keselinden goraýar.
Redingsk uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren täze ylmy işiniň netijesi bu miwäniň gündeki rasiona girizilmegi üçin ýene bir delil döretdi. Ýaňy-ýakynda geçirilen barlaga 51 ýaşda bolan orta ýaşdaky 40 sany meýletinçi gatnaşdy (23 aýal we 17 erkek).
Barlaga gatnaşyjylary iki topara böldüler. Birinji topar sekiz hepdäniň dowamynda günde iki almadan iýdiler, beýleki topar bolsa içiljek wagty sykylyp alnan alma şiresini içdiler.
Ol düzümindäki şekeri we kaloriýasy boýunça bitewi miwä gabat gelýär. Ýöne alma şiresindäki kletçatkalaryň mukdary bitin miwedäki 8,5 gramm bilen deňeşdirilende 0,5 gram azdy.
“Alma berhiziniň” başlananyndan iki aý geçenden soň, hünärmenler gatnaşyjylaryň ganyny barlama işini geçirdiler. Analiziň netijesi günde iki miwäni kabul edýän toparda holesteriniň umumy düzüminiň ortaça 3,6 göterim peselendigini görkezdi.
Şeýle-de, alymlar yzygiderli berhizde almanyň damarlaryň ýagdaýyny olaryň aktiwligini sazlamak bilen gowulandyrýandygyny anykladylar.
Almanyň oňaýly täsirini ekspertler ilkinji nobatda onuň düzümindäki kletçatkalar bilen baglanyşdyrýarlar. Olar bagyrdaky holesteriniň ýüze çykmasyny peseldýän içege bakteriýalarynyň esasy görnüşiniň ýaýramagy üçin möhüm.
Şeýle ýagdaýda, kletçatka onuň damar diwarlarynda ornaşmagyna gytaklaýyn täsir edýär we infarktyň hem-de insultyň ýüze çykmak howpuny peseldýär.
Iňlis barlag geçirijileriniň geçiren eksperimentiniň netijeleri American Journal Of Clinical Nutrition neşirinde çap edildi.

düýn 14:31
1.8k+

ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek bir hassa böwrek iki gezek oturdyldy

Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär...

28.02.2026 19:43
16k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

26.02.2026 12:35
5.2k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.7k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...