Birinji synp okuwçylaryna has kuwwatly kompýuterler sowgat berler

  • 19.12.2019 12:45
  • 11k+

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkezi bilen bilelikde noutbuklaryň we netbuklaryň kuwwaty has artdyrylan kämil görnüşleriniň täze tapgyryny çykarmaga taýýarlyk görýär. Bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary we programma üpjünçiligi Bilim ministrligi bilen bilelikde kesgitlenildi.
«Agzybirlik tilsimaty» tarapyndan öňki öndürilen hem-de şu ýyl birinji synp okuwçylaryna sowgat berlen kompýuterler bilen deňeşdirilende, täze tapgyr has güýçli kuwwata eýe bolar. Olaryň ekranynyň ölçegi we operatiw ýady artdyrylar. Programma üpjünçiligi gowulandyrylar.
Mälim bolşy ýaly, birinji synpa gidýän okuwçylara kompýuter sowgat bermek Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. belläp geçsek, şu okuw ýylynda birinji synp okuwçylaryna ýurdumyzda öndürilen 154 müň kompýuter sowgat berildi. Olarda ýörite öwrediji programmalar hem oturdyldy.
Kompýuterleriň täze öndüriljek tapgyryny diňe bir okuwçylara däl, eýsem, içerki bazarda hem ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....