Türkmenistan Germaniýada geçiriljek «Heimtextil» halkara sergä gatnaşar

  • 19.12.2019 12:23
  • 1.8k+

Türkmenistanyň dokma senagaty we halyçylyk pudagynyň gazananlary Germaniýanyň Maý boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän «Heimtextil» iri halkara sergisinde görkeziler. Her ýylda geçirilýän bu halkara sergisine dünýäniň 130-dan gowrak döwletiniň dokma önümçilikleriniň wekilleri gatnaşar. Sergi 2020-nji ýylyň 7-10-njy ýanwarynda geçiriler.
Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy pudagyň bu ösüş ugurlaryny görkezmäge gönükdirilendir. Türkmen dokma önümleri soňky ýyllarda dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär. Bu halkara sergi bolsa bu önümçilik pudagynda marketing strategiýasyny mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda dokma önümçiligi boýunça meýilnama 2 esseden hem artyk ýerine ýetirildi.
Bellenilen döwürde dokma önümleriniň eksport möçberleriniň ösüşi 47%-den geçdi. Haly önümleri boýunça bu görkeziji 2,1 esse artdy. Şol bir wagtda olaryň eksportynyň fiziki möçberi 9,4% artdy.
Ýakynda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmen haly önümleriniň dünýäde abraýynyň has hem artmagyna täzeçe itergi berer.

düýn 23:36
855

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....