Ýoga beýni üçin peýdalymy?

  • 18.12.2019 15:35
  • 2.9k+

Alymlar onýyllyklaryň dowamynda fiziki agramlaryň dürli görnüşleriniň adamyň beýnisine ýetirýän täsirini öwrenip gelýärler. Aýratynam, aerobika maşklarynyň kelle beýniniň ýagdaýyna ýetirýän täsirini öwrenmek üçin köp işler alnyp baryldy. Muňa garamazdan, fiziki işjeňligiň dürli görnüşleriniň uly gatlagy az öwrenilendir. Meselem, dünýäde meşhur bolan ýoga ýaly maşklaryň saglyga täsiri ylmy edebiýatda ýeterlik derejede beýan edilmedikdir. 
Bu ýagdaý Urban-Şampeýndäki Illinoýsk uniwersitetiniň kineziologlaryny we neýrofiziologlaryny ýoganyň adamyň psihiki funksiýasyna ýetirýän täsirine bagyşlanan ylmy işlerini alyp barmaklaryna iterdi. 
«Brain Plasticity» žurnalynda neşir edilen bu iş özünde 11 barlagy jemleýär.
Barlaglarda köp ýyl bäri ýoga bilen meşgullanýan, ýaňy başlan ýa-da fiziki işjeňligiň bu görnüşine hiç hili dahylly bolmadyk adamlaryň merkezi nerw ulgamynyň esasy organynyň ýagdaýy deňeşdirildi.
Belläp geçsek, barlaga gatnaşyjylar hatka-ýoga bilen meşgullanýardy. Gadymy tejribäniň bu görnüşi kesgitli statistiki agram salmalary, meditasiýany we dem alyş maşklaryny özünde jemleýär. 
Jikme-jik seljerme ýoga bilen meşgullanmagyň gippokampanyň göwrüminiň artmagyna getirýändigini görkezdi. Gippokamp emosiýalary döretmäge gatnaşýar we gysga wagtlyk ýadyň uzak wagtlyk ýada öwrülmegini üpjün edýär. 
Barlaglar hatka-ýoga bilen yzygiderli meşgullanýanlaryň beýni gurluşyna häsiýetli bolan üýtgeşmeleriň umumy emosional ýagdaýy we emosiýalary dolandyrmagy kesgitleýän kognitiw ýumuşlaryň has gowy ýerine ýetirilmeginden hem ybaratdygyny görkezdi. 
Hindi däp tejribesiniň beýnä oňaýly täsiriniň açary gündeki dartgynlyklara jogap hökmünde emosional sazlamalaryň gowulanmagy bolup durýar. Bu pikir – kineziologyň ýoganyň kortizolyň (stress wagtynda ýüze çykýan gormonlar) ýüze çykmagyna ýetirýän täsirini öwrenmek üçin geçiren barlaglarynyň netijesi. Ýagny, sekiz hepde ýoga bilen yzygiderli meşgullananlarda diňe bir başagaýlyk derejesi peselmän, eýsem, ünsi jemlemeklige, çözgüt kabul etmeklige gönükdirilen testleriň netijeleri hem gowulandy.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....