Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystana elektroenergetika enjamlaryny gowşurdy

  • 18.12.2019 06:13
  • 3.2k+

Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlaryny gowşurdy. Şu mynasybetli goňşy ýurduň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde dabara geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň noýabrynda owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem ýurdumyzyň ugradýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
Elektrik energiýasynyň ýeňillikli bahadan berilmegi, türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk hem-de bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatynda gurlan zawodda tebigy gazdan öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyrynyň ugradylmagy Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bulardan başga-da, Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat sütünlerini berkitmäge gönükdirilen giň gerimli ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.

düýn 23:36
855

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....