«La Liganyň» şu möwsüminde «Real» gol salan oýunçylarynyň sany boýunça birinji ýerde

  • 15.12.2019 23:12
  • 2.4k+

Dowam edýän möwsümde «Real» La Liganyň 15 oýnunda 32 gol saldy. Bu gollar bolsa 15 oýunçynyň arasynda paýlaşyldy – bu «La Liganyň» häzirki möwsüminde bir klubyň düzümindäki gollaryň awtorlarynyň sany boýunça iň köpi.
Bularyň üçden bir böleginiň — 11 goluň Karim Benzema degişlidigini bellemek ýerliklidir. Ikinji orunda goragçy Serhio Ramos ýerleşdi – üç gol.
Beýl, Rodrigo, Walwerde, Modriç, Kroos iki goldan saldylar, bir goldan bolsa – Winisius, Karwahal, Hames, Waskes, Waran, Ýowiç, Kazemiro we Azar.
34 utuk bilen «Real» 15 turdan soň «Barselona» diňe goşmaça görkeziji boýunça ýol berýär. «Realyň» indiki oýny Walensiýa garşy 15-nji dekabrda bolar.

düýn 23:46
2.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.3k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 11:43
4.1k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

düýn 00:17
8.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......