Döwletjan Ýagşymyradow Butorinden üstün çykyp, АСА-nyň çempiony adyny gorady

  • 15.12.2019 09:53
  • 12k+

Garyşyk göreşiň 30 ýaşly türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow ýarym orta agram (93 kg çenli) derejede russiýaly Alekseý Butorinden üstün çykyp, АСА-nyň çempiony titulyny goramagy başardy. АСА 103 ýaryşynyň çäklerinde Sankt-Peterburgda «Sibir-Arenada» geçirilen agşamyň esasy göreşi 14-inden 15-ine geçilýän gije bolup geçdi.
Göreş bäş raund dowam etdi. АСА-nyň häzirki çempiony Ýagşymyradow eminler toparynyň çözgüdi bilen ýeňiji diýlip kesgitlenildi.
Indi, türkmen türgeniniň hasabynda 18 ýeňiş, bäş ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Russiýaly 33 ýaşly Butorin bolsa, karýerasynda dördünji gezek ýeňildi. Ol karýerasynda bary-ýogy 14 gezek ýeňiş gazandy.
Döwletjan Ýagşymyradow — ACA (Absolute Championship Akhmat) garyşyk göreş boýunça çempion bolmagy başaran Türkmenistanyň ilkinji wekili. Watandaşymyz bu çempionlygyny 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Warşawada (Polşa) geçirilen ACA 92 ýaryşynda polşaly ýarym agyr agramda çykyş edýän Karol Selinskini tehniki nokaut arkaly ýeňip gazandy. Döwletjan Ýagşymyradow 5-nji maýda Moskwada geçirilen ACB 86 ýaryşynda titulyň öňki eýesi russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ACB (Absolute Championship Berkut) garyşyk göreş boýunça çempion bolmagy başardy.

düýn 23:46
2.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 11:43
4.1k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

düýn 00:17
8.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......