Habib Nurmagomedow Ronaldu maslahat berdi

  • 15.12.2019 09:27
  • 11k+

Ýeňil agram boýunça UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow wagtynda karýerany tamamlamagy başarmak dogrusynda belläp geçdi.
— Siz öz ýaşyňyz barada gürrüň etdiňiz. Dostuňyz Kriştianu Ronaldu size fiziki taýýarlyk barada nähilidir bir maslahatlar berýärmi?
— Bütin ömrüňe meşgullanan işiňi goýmak diýseň kyn. Ýöne muny isleýändigiňe ýa-da islemeýändigiňe seretmezden, ahyr sen galsaňam, sportuň senden gitjek wagty gelýär. Bu aýrybaşga zatlar. Eger-de sen wagtynda gitmeseň, sport seni taşlar. Has ýaşlar, “açlar” we has motiwirlenenler geler. Karýeraň başynda bolan şol bir motiwasiýany we “açlygy” saklamak... Ahyryna çenli bu zatlar sende bolmaz, sebäbi sen bulardan ýadarsyň. Bedeniň hem garrap bilýändir, bu ýerde hiç kim müdimilik bolmaz. Kriştianu-da onuň ýaşynda ol reaksiýa eýýäm bolmaz. Tapawudy ýok – bu Kriştianumy ýa-da Habib. Olaryň ýerine başga adamlar geler we olaryň ýerini tutar. Meniň maslahatym oňa-da, özüme-de – wagtynda goýmak. Fiziki taýýarlyk barada men ondan maslahat soramadym, men özümi gowy duýýaryn. Häzirlikçe bolsa ol hem, men hem çykyş edýärin.
Ýatlap geçsek, 18-nji aprelde Nurmagomedow amerikaly Toni Fergýusona garşy göreşer.

düýn 23:46
2.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 11:43
4.1k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

düýn 00:17
8.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......