Haýsy witaminler beýniniň garramazlygyna kömek eder

  • 14.12.2019 06:34
  • 6.2k+

Ylmy hünärmenler kelle beýnisiniň garramazlygy üçin haýsy witaminleri kabul etmelidigini aýtdylar.
Kelle beýnisiniň dokumalarynyň goraýjysy E witamini hasaplanylýar, sebäbi ol dokumalary kapillýar diwarjyklary bilen bilelikde berkidýär. Mundan başga-da, ol merkezi nerw ulgamynyň işine-de oňaýly täsir edýär, depressiýanyň öňüni alýar, organizmden zyýanly toksinleri we erkin radikallary çykarýar.
Köp sanly barlaglar E witaminiň dürli kognitiw näsazlyklaryndan, Alsgeýmer we Parkinson kesellerinden hem goraýandygyny subut etdi.
Ýadyňy kämilleşdirýär, keýpiň üýtgäp durmagyny, gaharjaňlygy ýok edýär we gepleýiş funksiýasyny goldaýar – bularyň ählisini ýekeje goşmaça witamin üpjün edýär.
Oregon ştatynyň uniwersitetiniň alymlary tutuş ömrüniň dowamynda E witaminiň ýetmezçiligi bolan balyklarda tejribe geçirip görýärler. Netijede olaryň DHA-PC biomarkerleriniň derejesi 30% peselýär: bu birleşme kelle beýnisiniň membrana öýjüklerini düzýär.
Eger-de bu görkeziji peselse, onda neýronlar ölýär, şonuň bilen birlikde kelle beýnisi hem. E witamini şeýle bozulmalardan halas bolmaga kömek edýär.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....