WhatsApp dünýä boýunça millionlarça ulanyjylarda işlemesini bes eder

  • 12.12.2019 18:10
  • 3.9k+

Köne smartfonlardan ýüz öwürmeklik iki tapgyrda alnyp barlar. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Windows Phone-iň ähli wersiýalaryny götermeklik düýbünden aýrylar – iň soňky 8.1 Update 2-ä çenli. WhatsApp programmasy 2019-njy ýylyň iýulyndan bäri programmalar marketinden elýeterli däl, ýöne messenjer ony öň ýükläp alyp ýetişenlerde heniz işleýär. Täze ýyldan ol hem işlemesini bes eder.
Ikinji tapgyr – Android 2.3.7 we iOS 8 sistemaly smartfonlardan ýüz döndürmek. Olar hem 2020-nji ýylyň fewralyndan WhatsApp programmasyny götermezler.
Bu sistemalar eýýäm köp ýyl bäri işläp düzüjiler tarapyndan goldanylanok, şol sebäpli WhatsApp döredijileri hemişe täze funksiýalary çykaryp hem-de maglumatlaryň howpsuzlygyny kepillendirip bilenoklar. Messenjeriň kadaly işlemegi üçin pesinden Android 4.0.3 ýa-da iOS 9 we ondan täze sistemaly smartfonlary ulanmak maslahat berilýär.
Şeýle-de, WhatsApp heniz hem Windows 10 Mobile smartfonlarynda işleýär. Ýöne has dogrusy, Microsoft mobil sistemasy ýene-de bir ýyl hyzmat eder, ondan soň messenjer ony hem götermegini bes eder.

düýn 23:36
855

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....