Kanadada dünýäde ilkinji elektrikleşdirilen gidrouçar synagdan geçdi

  • 12.12.2019 17:10
  • 1k+

Kanadanyň «Harbour Air» awiakompaniýasy elektrikleşdirilen «DHC-2 Beaver» ýolagçy gidrouçarynyň ilkinji synag uçuşyny geçirdi. «Flightglobal» žurnalynyň habar bermegine görä, uçaryň ilkinji dört minutlyk uçuşy 2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Wankuwerden uzak bolmadyk Freýzer derýasynda amala aşyryldy we doly derejede üstünlikli diýlip kabul edildi. Synagdan geçen uçýan apparat dünýäde ilkinji ýolagçy elektrik gidrouçary boldy.
DHC-2 gidrouçarynyň uzynlygy 9,2 metr, ganatlarynyň gerimi 14,6 metr. Ol ýüzgüç şassisi bilen üpjün edilen. Gidrouçar tizligini sagatda 255 kilometre çenli artdyrmaga we uçuşy 732 kilometre çenli aralykda amala aşyrmaga ukyply. DHC-2 kuwwatlygy 450 at güýji bolan porşenli herekete getiriji bilen üpjün edilen.
Beaver-iň elektrik uçara konwertasiýasy bilen Harbour Air-iň sargydy boýunça MagniX kompaniýasy meşgullandy. Kanada kompaniýasynda şeýle konwertasiýanyň kömegi bilen DHC-2 uçarlaryna operasion çykdajylary azaltmak, şeýle-de öz awiaparkyny has ekologiki etmeklik başardar diýip hasaplaýarlar. Umuman alanyňda, Harbour Air 34 sany DHC-2 uçaryna eýelik edýär.
Täzeden üýtgeşme girizilen wagtynda DHC-2 sygymy 200 kilowatt/sag bolan litiý-ion akkumulýator batareýine we kuwwatlylygy iň ýokary derejede 559 kilowatt bolan Magni500 elektrik motoryna eýe boldy. Motoryň agramy 135 kilogram.
Taslama laýyklykda, elektrik uçarynyň akkumulýator batareýiniň doly zarýadlanmasy 30 minut uçuşa ýetýär. Mundan başga-da, ol zerur bolan halatynda ýene-de 30 minut uçuşy üpjün edip bilýär. DHC-2-niň elektrikleşdirme boýunça ähli işleri häzirki ýylyň oktýabrynda tamamlandy; şondan bäri uçar ýerüsti synaglaryny geçdi.
Indi DHC-2 ilkinji uçuşyny üstünlikli amala aşyrandan soň, işläp düzüjiler onuň ähli ulgamlaryny gaýtadan barlarlar, şondan soň uçuş synaglaryny dowam etdirerler. Birwagtda Harbour Air we MagniX DHC-2 elektrik wersiýasynyň şahadatnamasy bilen meşgullanar, onuň kömegi bilen kanada awiakompaniýasy elektrikleşdirilen gidrouçarlarynyň söwda ekspluatasiýasyna başlap biler.

şu gün 22:43
56

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

düýn 11:15
2.2k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....