Alymlar ukynyň adamyň ýadyna nähili täsir edýändigini ýüze çykardylar

  • 12.12.2019 16:40
  • 6.3k+

Amerikan neýrobiologlary uky bilen ýadyň arasynda arabaglanyşygyň bardygy baradaky netijä geldiler.
Barlagyň dowamynda alymlara berk ukynyň beýniniň işine gönüden-göni täsir edýändigini subut etmek başartdy, bu barada internet çeşmelerinde habar berilýär.
Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren tejribesi iki tapgyrdan ybarat boldy.
Barlagyň birinji tapgyrynda alymlar tarapyndan hatda uky wagtynda-da organyň funksionirlenmegini görkezýän adam beýnisiniň modeli döredildi.
Modeliň neýronlary bir günde kabul edilen informasiýalary gaýtadan işlediler.
Eksperimentiň ikinji tapgyrynda hünärmenler uky wagtynda kelle beýnisiniň neýronlarynyň arasynda gysga wagtlyk ýady uzak wagtlyk ýada öwürýän sinaptiki baglanyşygyň ýüze çykýandygyny anykladylar.
Şeýle-de, neýrobiologlar 36 sagadyň dowamynda ukynyň alynmadyk ýagdaýynda adamyň öwrenýän materialynyň 40% ýaramaz saklanýandygy baradaky netijä geldiler.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....