Dümewi ýeňilleşdirjek we gutulmany çaltlandyrjak 5 maslahat

  • 11.12.2019 07:02
  • 9.7k+

Eger-de siz dümew ýa-da ýiti resperator wirusly kesel bilen kesellän bolsaňyz, onda dogry we çalt gutulmaga synanyşyň!
Şeýleräk bir degişme: eger sowuklamany bejermeseň, ol bir hepdede aýrylýar, eger bejerseň – onda ýedi günde. Islendik bir degişmede bolşy ýaly, bu ýerde hem diňe gülkiniň we örän köp hakykatyň paýy bar. Eger-de biz gutulmagy tizleşdirip bilmesek-de, keseliň geçişini biraz ýeňil we biraz ýakymly etmäge güýjümiz ýetýär. Şu ýerde keseliň dowamlylygyny ýeňilleşdirmäge we organizme düşýän agramy peseltmäge kömek etjek birnäçe usul görkezilen.
Zeýreniň hem-de goldaw soraň. Ýarawsyz adam ynjyk bolýar, ol ünse hem-de goldawa mätäç bolýar – alymlaryň anyklamagyna görä, bu ýöne ýerden däl. 2015-nji ýylda Ýewropa žurnalynda neşir edilen agyryny aýyrma barada soraglaryň esasynda geçirilen barlaglar baradaky maglumatlar tassykladylar: ýarawsyz adama daş-töweregindäkiler empatiýa bildiren, olara gynanan we duýgudaşlyk bildiren mahallary, agyry hakykatdan hem gowşaýardy. Şonuň üçin goldaw soramaga we zeýrenmäge çekinmäň – häzir bu hakykatdan hem derman.
Gülüň. Kesellediňizmi? Gowy komediýa tomaşa etmegiň, sosial torlarda ýumoristik neşirleri okamagyň iň gowy wagty. Gülki biziň immun sistemamyzy berkidýär, agyry duýgusyny peseldýär we stressi aýyrýar – ýarawsyz wagtyň iň gerekli zatlar.
Dogry ukyňyzy alyň. Eger-de siz kesellän bolsaňyz, gijeki ukynyň gowy bolmagy hökmanydyr: golaýdaky barlaglar köp ýatan we gowy ukusyny alan syrkawlaryň dümewden hem-de beýleki wirusly kesellerden çalt gutulandygyny görkezdi. Özüňizi gowy uky bilen üpjün etmek üçin, ýatýan ýeriňizde kelläňiziň ýeterlik derejede ýokary bolmagyny gazanyň.
Towuk çorbasyny we gök önümden taýýarlanylan çorbany iýiň. Towuk çorbasy hakykatdan hem derman: gyzgyn ýagly suwuklyk burnuň nemli bardalarynyň çyglylygyny saklama kömek edýär, şeýle-de öýkeni suwlandyrýar we üsgülewügi gowşadýar. Towuk çorbasy – bu immuniteti goldamagyň we organizme wirus bilen göreşmäge güýç bermegň usullarynyň biri.
Köpräk çaý içiň. Köpräk gyzgyn içgi – bu hem çalt gutulmagyň hökmany şertleriniň biri. Lukmanlar diňe bir ýyly morslary ýa-da limonly çaýy içmegi däl-de, eýsem, zenjebilli hem-de kurkumaly otly çaýy içmegi hem maslahat berýärler. Imbir sowuklama garşy güýçli täsir edýär, kurkuma bolsa immuniteti goldaýar hem-de sowuklamanyň we dümewiň agyrlaşmak howpuny peseldýär. Bu içgileriň ikisini hem antioksidantlara, antibakterial we antimikrob alamatlaryna eýe bolan ary baly bilen bile içmeli.

düýn 14:31
1.8k+

ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek bir hassa böwrek iki gezek oturdyldy

Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär...

28.02.2026 19:43
16k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

26.02.2026 12:35
5.2k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.7k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...