2020-nji ýylyň «iPhone-larynda» barmak yz skanerleri ekranda ýerleşdiriler

  • 05.12.2019 23:36
  • 4.2k+

Indiki hepde Apple kompaniýasy taýwan öndürijisi GIS bilen duşuşyk geçirer. Onuň çäklerinde «iPhone» smartfonunyň displeýde oturdylan barmaklaryň yzyny skanerleme bilen çykarylmagynyň mümkinçiligi maslahatlaşylar. Bu barada «Economic Daily News» neşirine salgylanmak bilen «MacRumors» ýazýar.
Indiki ýylda «iPhone-iň» azyndan bir nusgasynyň barmaklaryň yzyny ultrasesli skanerleme bilen enjamlaşdyryljakdygy habar berilýär. Muňa garamazdan, onuň işe girizilmeginiň 2021-nji ýyla çenli süýşürilmegi hem ähtimaldyr. Taýwan kompaniýasy Apple üçin gerekli komponentleri ýola goýmakda Qualcomm bilen hyzmatdaşlyk eder.
Qualcomm eýýäm Samsungyň Galaxy S10 we Galaxy Note10 flagman smartfonlary üçin skanerlemäni goýujy hasaplanylýar. Ýöne aýdylyşyna görä, Günorta Koreýa apparatlaryndan tapawutlylykda, «iPhone-da» kesgitli bir ýerinden däl-de, ekranyň islendik ýerinden barmaklaryň yzyny hasaba almaga mümkinçilik berýän skaner bolar.

şu gün 11:23
298

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

düýn 12:35
1.8k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 12:23
5.6k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......