Canoo elektrik mikroawtobusy ýola çykdy

  • 05.12.2019 22:52
  • 4k+

Aýda $400 bilen ýazylyşyk esasynda ýaýradyljak özboluşly elektromobiliň köpçülikleýin önümçiligi üçin olary real ýollarda synag edip görmek möhüm ädim bolup durýar. Ol 2021-nji ýylda ýola goýlar.
Şu ýylyň başynda Canoo startapy elektromobilleriň dört nusgasyny döretmek bilen bagly meýilnamasy barada habar berdi. Olaryň biri hem, eýýäm ilkinji ýol synagyndan geçen şäher mikroawtobusydyr. «Electrek-iň» habar bermegine görä, olar 10-njy noýabrda işe başladylar. Ilki real tapgyrlary amala aşyrmazdan ozal, kompaniýanyň inženerleri wirtual modelleşdirmä köp wagt sarp etdiler.
Göwrümi boýunça Canoo mikroawtobusy standart ýeňil awtomobili ýadyňa salýar, ýöne onuň salonynyň göwrümi has ulurak. Döredijileriň aýtmagyna görä, ol ýoly çalt geçmeklige niýetlenilmedik, muňa garamazdan ol bir gezek doly zarýady bilen 400 km ýoly geçmäge ukyply.
Ýol synaglary üçin niýetlenilen elektromobiller Miçigan ştatyndaky kärhanada ýygnalan, ýöne köpçülikleýin önümçilik üçin startap başga bir ady agzalmadyk kompaniýa bilen şertnama baglaşar.
Eýýäm birnäçe hepde bäri iň bir gürrüňi edilýän elektromobil — Tesla Cybertruck bolup durýar. Onuň daşky görnüşiniň köpleri haýran galdyrandygyna garamazdan, eýýäm ony satyn almak isleýän 200 000 adam bilen deslapky sargytlar resmileşdirildi.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...