Ýumurtgany gaýnatmazdan öňürti näme üçin deşmeli?

  • 05.12.2019 19:25
  • 8.9k+

Köplenç, ýumurtgany gaýnadanyňda, esasanam, täze wagty ony arassalamak kyn bolýar. Bu gabygynyň beloga berk ýelmeşmegi netijesinde bolýar. Şeýle ýagdaýdan baş alyp çykmagyň aňsat ýoly bar.
Köp maşgalalarda ýumurtga holodilnikde saklanylýar, aslynda bolsa munuň gaty bir zerurlygy ýok, sebäbi bu önüm otag temperaturasynda hiç hili üýtgemeýär. Gaýnadylan ýumurtganyň arassalanyşyny çalt hem-de oňaýly etmek üçin, iňňeden peýdalanmaly bolýar. Bu sanjym üçin ulanylýan medisina iňňesi ýa-da tikin wagtynda ulanylýan temençe bolsa has hem gowy. Ýumurtganyň has tegelek ýerinden iňňe bilen ol, takmynan, ýarym santimetr girer ýaly deşik ediň.
Hut şu ýerde ýumurtgany örtýän howa haltasy ýa-da ýukajyk gabyk ýerleşýär. Ony deşmek bilen siz onuň içine howanyň we suwuň girmegini gazanarsyňyz.
Bu proseduralaryň ählisinden soň ýumurtgany sowuk suwa atyp, gazplita goýuň. Gerekli wagt möçberinde gaýnadyň: eger ýumurtganyň gaty bolmagyny isleseňiz 10 minut, çala bişmegini isleseňiz 5 minut. Wagt tamamlanandan soň, ýumurtganyň çalt sowamagyny gazanmak üçin pitini birnäçe minutlap akyp duran suwuň aşagynda goýuň, deşigiň kömegi bilen olar has aňsat arassalanar.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....