«TMCARS» programmasyny ulanyjylaryň sany 500 müňden geçdi

  • 05.12.2019 06:28
  • 5.5k+

«TMCARS» türkmen mobil programmasyny ulanyjylaryň sany işe girizileninden bäri, 500 müňden geçdi, diýip Turkmenportal habar berýär. Muňa «Google Play» programmalar magazininiň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu programma şeýle hem AppStore-de hem ýükläp almak üçin elýeterlidir.
«TMCARS» - harytlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mobil programmadyr. «TMCARS-yň» esasy maksady adamlara awtomobilleri satyn almaga we satmaga ýardam etmek. Galyberse-de, awtomobillerden başga-da, programmada beýleki bildirişleri ýerleşdirmek mümkin. Bu programma Türkmenistanda iň ýörgünlileriň biri bolup, ýurtda örän köp sanly ulanyjylara eýedir.
Bu programma «Google Play-da» ortaça — 5-den 4,6-a eýedir. Bu örän ýokary görkezijidir. Çünki garaýyşlar real adamlar tarapyndan şahsy ulanyş tejribesiniň netijesinde goýlandyr.
Ýurdumyzda resmi taýdan bellige alnan «TMCARS» portaly okyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýakynda «Habarlar» bölümini hem işe girizdi. «Habarlar» bölüminde ýurdumyzyň hem-de dünýäniň möhüm täzelikleri bilen bir hatarda — Syýahatçylyk; Moda we stil; Sport; Hi-tech; Awto; Biznes; Hadysalar; Saglyk; Nebit we gaz; Peýdaly maglumat — ýaly ugurlar boýunça hem täzelikleri türkmen hem rus dillerinde okap bilýärler.
«Hem täze, hem tiz» şygar bilen hereket edýän «TMCARS – Habarlar» bölüminde islendik okyjy özüni gyzyklandyryp biljek makalalardyr täzelikleri tapyp biler.
Belläp geçsek, «TMCARS» ýakynda ilkinji gezek «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisine hem gatnaşdy.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......