«Maşa we Aýy» dünýäde iň isleg bildirilýän multfilmleriň bäşligine girdi

  • 03.12.2019 06:35
  • 7.9k+

Rus multfilmi «Maşa we Aýy» ýylsaýyn dünýäniň ähli ýerindäki tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyk gazanýar. Parrot Analytics halkara barlag agentliginiň habar bermegine görä, Animaccord-yň önümi bolan rus multserialy «Maşa we Aýy» çagalar tarapyndan iň bir isleg bildirilýän multfilmleriň bäşligine girdi.
Barlaga iki ýaşdan on bir ýaşa çenli körpelere niýetlenilen ýigrimi müň güýmenje gepleşikleri gatnaşdy. Bu programmalara bildirilýän islegleriň derejesi onlaýn-gözleg, onlaýn-tomaşa we olaryň sosial torlardaky interaksiýasy arkaly ölçenildi. Bu barlagyň netijesi boýunça «Maşa we Aýy» bäşlige girdi we nobatdaky rekordy täzeledi, onuň epizodlarynyň birine YouTube-da 4 mlrd gezekden hem köp seredilipdir.
Belläp geçsek, garagol Maşa we onuň mähirli dosty Aýy baradaky komediýa multserialynyň görkezilmegine 2009-njy ýylyň 7-nji noýabrynda başlanylypdy. Häzirki wagtda multfilm 36 dile geçirilen we dünýäniň ýüzden gowrak döwletinde goýberilýär.
Multserialyň döredilmeginde 70-den gowrak adam zähmet çekýär. Mundan başga-da, bu serial öň iň köp tomaşa edilýänligi bilen Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilipdi.

şu gün 01:10
2.9k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......

24.03.2026 22:14
12k+

BAE-de birnäçe günläp ýagjak güýçli çabga hakda duýduryş berildi

BAE-niň meteorologlary howanyň durnuksyz boljakdygy barada duýduryş berdiler. Milli Meteorologiýa Merkeziniň (NCM) maglumatlaryna görä, 27-nji marta çenli güýçli ýagyşlar tapgyr-tapgyr dowam eder durar. Çabgalar duşenbe güni, 23-nji martda başlady...

24.03.2026 07:08
3.7k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

23.03.2026 07:22
6.1k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...