Huawei heniz anons edilmedik Nova 6 üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady

  • 03.12.2019 05:54
  • 2.7k+

5-nji dekabrda Huawei resmi taýdan täze Nova 6 smartfonyny hödürlär. Muňa garamazdan, kompaniýa eýýäm özüniň Vmall hytaý onlaýn-dükanynda smartfon üçin sargytlary kabul edip başlady.
Huawei Nova 6 smartfonynyň bahasy saýtda görkezilmese-de, onuň käbir aýratynlyklary hem-de smartfonyň dizaýny dogrusynda bellenilipdir.
Garaşylyşy ýaly, bu täze önüm ekrana ýerleşdirilen iki sany frontal kamera (aýdyşlaryna görä, datçikleriň biri – 32 megapiksellik), sag gyrasynda barmaklaryň yzyny skanerlemä, şeýle-de dört datçikli esasy kamera eýe boldy.
Mundan başga-da, Huawei Nova 6 Kirin 990 çipine, çalt zarýadlanmaly 4000-4500 mA/sag akkumulýatora we Android 10 ulgamyna eýe bolmaly.
Dükanlarda smartfonyň saýlama üçin iki wersiýasy bar: 4G we 5G ulgamly. Şeýle-de iki konfigurasiýa bar: 8GB operatiw ýatly we 128 ýa-da 256 GB saklama ýerli.
Huawei dört reňkini hem hödürleýär: gara, gök, gyzyl we çal gradiýentli.
5-nji dekabrda Huawei Nova 6 bilen birlikde onuň ýönekeý wersiýasy  – Huawei Nova 6 SE hem görkezilmegi mümkin.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......