«Japan Display» ýakynda dury suwuk kristally displeýini görkezer

  • 01.12.2019 23:57
  • 2.8k+

«Japan Display» kompaniýasy (JDI) diagonal boýunça 12,3 dýuým ölçegli dury suwuk kristally displeýiniň işlenip taýýarlanylýandygy barada habar berdi. Displeý 4-6-njy dekabr aralygynda Ýaponiýanyň Tiba şäherinde geçiriljek «FinTech JAPAN» sergisinde görkeziler.
2017-nji ýylda JDI kompaniýasy dört dýuýmly suwuk kristally displeýiniň işläp taýýarlanylýandygy barada habar berdi, onda reňkli filtrlere we polýarizatorlara zerurlygy aradan aýyrýan, adatça ŽK-displeýlerde gerek bolan tehnologiýa ulanylýar. Şondan bäri JDI hünärmenleri tehnologiýany kämilleşdirmegi başardylar, bu bolsa displeýiň hilini ýokarlandyrmaga we göwrümini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ekran giňelmesi – 1440x540 piksel, dykyzlygy – bir dýuýma 125 piksel. Displeý 4096 reňki şöhlelendirip bilýär.
Şöhlelendirmäniň bolmadyk ýagdaýynda panel 87% ýagtylygy goýberýär, bu bolsa şeýle displeýler üçin rekord bolup durýar. Täze tehnologiýa ulanylýan displeýiň tapgyrlaýyn goýberilişine 2020-nji ýylda başlamaklyk meýilleşdirilýär.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......