Smartfonlar golaýlaşyp gelýän maşyn barada habar berip başlarlar

  • 01.12.2019 23:43
  • 3.3k+

2020-nji ýylyň ahyrynda Russiýanyň birnäçe sebitlerinde pyýadalara golaýlaşyp gelýän awtomobil barada duýdurýan smartfonlar üçin niýetlenilen programma synag edilip başlanar. Bu barada Ria Nowosti habar berýär.
Bu programma mugt bolar. Pyýadalar bilen bagly bolup geçýän ýol-ulag heläkçilikleriniň aglabasy olaryň hereketi bilen bagly bolýar, çünki adamlar swetoforyň gyzyl signalynda ýoldan gulagy nauşnikli ýa-da telefona güýmenip geçýärler. Programmanyň esasy auditoriýasy ykjam telefonlary köp ulanýan, kähalatlarda hatda ýokary okuw mekdepleridir orta mekdebe gidilende hem ulanýan ýaşlar bolar.
Programma habar beriji fon režiminde pyýadalara awtomobiliň golaýlaşýandygy barada duýdurar. Sistema emeli aňy ulanar we 100-200 m ýerleşýän awtomobilleri görkezip, “akylly” swetoforlaryň maglumatlaryny ýygnar. Şonuň bilen birlikde bu programma awtomobilleriň hereket tizligini we howa şertlerini hem göz öňünde tutar.
Programma “Awtodata” taslamasynyň bir bölegi bolar we ulag ulgamlarynda hereket edýän sanly sistemalaryň maglumatlaryny ýygnar, işläp taýýarlar.
Ony Moskwa, Tombow we Kursk şäherlerinde, Wolgogradda, Samarada we Tomskide synap edip başlarlar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......