Karýerasyndaky arakesmeden soň, Makgregoryň ilkinji göreşi Serrone bilen bolar

  • 01.12.2019 10:47
  • 8.5k+

Konor Makgregor resmi taýdan dolandy. UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt irlandiýaly türgeniň Donald Serrone garşy göreşi barada habar berdi. Göreş UFC 246-da 18-nji ýanwarda geçer. Iň esasy zat hem – ol ýarym orta agramda geçiriler.
Serrone barada bilmeli zatlaryň biri — ol hemme ýerde we hemmeler bilen göreşýär. Makgregor Habibden ýeňilenden bir aýdan soň, Donald Maýko Perriden bir raundyň dowamynda üstün çykdy, ýanwarda bolsa ol ýeňil agrama dolanyp geldi we Aleksander Ernandesi nokautirledi.
2015-nji ýylda, heniz ýarym ýeňil agramlykda Makgregor UFC-niň çempiony wagtynda, ol press-konferensiýada Serrone bilen bile sözi azaşypdy. Türgenler Konoryň ýarym orta agramlyga ýetip biljegi ýa bilmejegi barada maslahatlaşýardylar: irlandiýaly göreşiji bolsa iň TOP göreşijileri hem ýeňip biljekdigine ynanýardy, Donald bolsa, Konoryň bu ýerde asla işiniň ýokdugyny nygtaýardy.
Olaryň ikisi hem biri-birinden üstün çykjakdyklaryna söz berdiler. Olaryň ikisi hem dik ýagdaýda gowy uruşýarlar, ikisi hem utgaşykly stiller bilen işleşmegi başarýar. Ýöne Konorda fiziki güýç köpräk bolmagy ahmal, ýöne ýarym orta agrama geçmegiň näme bilen gutarjakdygy asla belli däl. Muňa garamazdan, Makgregor hakykatdan hem faworitligine galýar.
Serronä eýýäm bu göreşe garaşýar. Bu garaşylýan göreş 18-nji ýanwarda geçer.

düýn 17:15
3.4k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy...

düýn 12:37
4k+

Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy

«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär...

düýn 12:23
3.6k+

«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady

Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karlyň bazar bahasy iki aýda 20 mln ýewrodan 60 mln ýewro ýetdi. Täzelenen baha nemes Bundesligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini düzen Transfermarkt portaly tarapyndan hödürlendi...

düýn 12:13
3.9k+

Tramp Watançylaryň oýunlaryny yglan etdi: oňa her ştatdan ýetginjek oglan we gyz gatnaşar

2026-njy ýylyň güýzünde ABŞ-da taryhda ilkinji Watançylaryň oýunlary (Patriot Games) geçiriler. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sport ýaryşlarynyň Birleşen Ştatlaryň 250 ýyllygynyň baýram edilmegine gabat geljekdigini aýtdy diýip, CNN belleýär...