Tramp Watançylaryň oýunlaryny yglan etdi: oňa her ştatdan ýetginjek oglan we gyz gatnaşar

  • 22.12.2025 12:13
  • 7.2k+

2026-njy ýylyň güýzünde ABŞ-da taryhda ilkinji Watançylaryň oýunlary (Patriot Games) geçiriler. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sport ýaryşlarynyň Birleşen Ştatlaryň 250 ýyllygynyň baýram edilmegine gabat geljekdigini aýtdy diýip, CNN belleýär.

«Güýzde biz taryhda ilkinji “Watançylaryň oýunlaryny” – iň gowy ýokary synp türgenleriniň, ýurduň her ştatyndan we territoriýasyndan bir ýetginjek oglanyň we gyzyň gatnaşmagynda dört günlük sport çäresini geçireris» — diýip, Tramp wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Köp internet ulanyjylary ýaryşyň şeýle formatyny «Açlyk oýunlary» kitap we film seriýasy bilen baglanyşdyrdy, çünki onda hem hökümet öz sebitlerine wekilçilik edýän ýetginjekleriň gatnaşmagynda ýaryş geçirýär.
Şol ýüzlenmesinde Prezident Waşingtonyň merkezinde Triumf arkasynyň amerikan görnüşini gurmak meýilnamalary barada aýtdy.

«Biz Triumf arkasy bolmadyk ýeke-täk uly ýer. Pariždäki beýik, owadan arkaly ýaly ajaýyp Triumf arkasy. Olar ony Triumf arkasy diýip atlandyrýar we tiz wagtdan ol Waşingtonda-da bolar» — diýip, Tramp belledi.

Şeýle-de, Prezident 2026-njy ýylyň 25-nji iýunyndan 10-njy iýuly aralygynda Waşingtonda «Amerikan ştatlarynyň beýik ýarmarkasynyň» geçiriljekdigini we onda 50 ştatyň ählisiniň öz ekspozisiýalaryny hödürlejekdigini habar berdi. Garaşsyzlyk güni baýramy, däp bolşy ýaly, feýerwerk we awiasiýa uçuşy bilen utgaşar. Mundan başga-da, 14-nji iýunda Ak tamyň çäginde garyşyk başa-baş söweş boýunça ýaryş geçiriler. Söweşijileriň sanawy entek belli däl, ýöne Tramp «sekiz ýa-da dokuz titul söweşiniň» meýilleşdirilýändigini habar berdi. 


17.06.2026 09:46
10k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.7k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....