Nissan zawodlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin 300 mln dollar maýa goýar

  • 01.12.2019 10:23
  • 3.1k+

Nissan Toçigidäki kärhananyň täzeden enjamlaşdyrylyşyna we täze birikdirilen hem-de elektrikleşdirilen nusgalarynyň önümçiligine 301 million amerikan dollaryny maýa goýar.
Nissan kompaniýasy önümçiligi kämilleşdirmegiň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge başlady. Ilki bilen ýaponiýalylar Toçigidäki kärhanany döwrebaplaşdyrarlar. Birikdirilen, elektrikleşdirilen we “intellektual” awtomobilleriň önümçiligi üçin zerur bolan täze tehnologiýalary girizmek işi kärhanada 2020-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Geljekde olar dünýäniň ähli ýerindäki Nissan kärhanalarynda hem ulanylar.
“Bu innowasiýalar elektrikleşdirilen we intellektual awtomobilleriň täze neslini döretmäge kömek eder, bu bolsa Nissan Intelligent Mobility konsepsiýasyny amala aşyrýar hem-de önümçilik işlerini has ýiti, netijeli we durnukly edýär” – kompaniýanyň resmi press-relizinde aýdylýar.
Olaryň biri hem – “transmissiýany berkitmegiň uniwersal sistemasy”, ol güýçli enjamlaryň montažy ýaly, köp zähmeti talap edýän we dowamly prosesleri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Barlag Merkezi we Nissan tarapyndan işlenilip düzülen täze sistema güýçli enjamlary eýýäm bir ýere jemlenen görnüşde oturtmaga mümkinçilik döredýär. Munuň üçin awtomatlaşdyrylan ýörite aşagyna goýulýan enjamlar peýdalanylýar. Montaž wagtynda sistema göwrümi we awtomobiliň motor böleginiň durýan ornuny ölçeýär we enjamlary millimetrine çenli dogry oturdýar.
Täze sistema ýeňil adaptirlenýär. Şol bir aşaga goýulýan enjam güýçli enjamlaryň üç görnüşiniň montažy üçin hem ulanylyp bilinýär, mundan başga-da 27 sany dürli güýçli gurluşlary ýygnap hem-de montaž edip bilýär.
Beýleki prosesleri awtomatlaşdyrmak hem meýilleşdirilýär. Aýratynam, germetigi kuzowa çalmak işini robot ýerine ýetirýär. Ussatlaryň işine gözegçilik etmek bilen Nissan inženerleri manipulýator üçin hereket programmasyny döretdiler. Potologyň ýüzüniň montažy hem sanlaşdyrylan.
Şeýle-de kuzowy bamper bilen bilelikde reňklemek prosesi hem girizildi. Öň bamper aýratyn reňklenilýärdi, çünki plastikany reňklemek prosesi pes temperaturada anyp barylýardy. Reňkiň suwuň esasynda ulanylmagy bolsa prosesi pes temperaturada alyp barmaga mümkinçilik berýär. Bu iş wagtynyň we elektrik energiýanyň sarp edilmegini hem-de kömürturşy gazlarynyň zyňyndylaryny azaldar. Mundan başga-da, täze reňkleme kamerasy işlenilen reňkleri beýleki ýerlerde hem ulanmak üçin ýygnaýar.

düýn 21:31
7.1k+

Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady

Ozal Germaniýada taksi hökmünde ulanylan Mercedes-Benz E-Class 2,2 mln kilometrden gowrak ýol geçip, işe ukyply ýagdaýda galdy. Häzir awtomobil Finlýandiýada diýip, “Ilta-Sanomat” neşiri ýazýar. Ulagyň eýesi – ulanylan “Mersedesleri” satmak bilen meşgullanýan 36 ýaşly işewür Wille Rýaýsýanen...

düýn 16:15
4.9k+

Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar

Mercedes-Benz konserni Germaniýada köne awtomobilleri sökmek boýunça synag taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, bu başlangyjyň maksady girdeji däl-de, daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmakdyr: çig malyň bir bölegi gaýtadan işlenenden soň önümçilikde ulanylar...

düýn 13:44
3.1k+

Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar. Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy...

25.08.2025 13:33
7.2k+

Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi

Bugatti kompaniýasy we onuň şweýsariýaly hyzmatdaşy Jacob&Co sagat öýi täze Tourbillon Baguette sagadyny hödürledi. Bu Tourbillon giperkarynyň stilinde döredilen ikinji modeldir. Bu sagatdan bary-ýogy 18 nusga çykarylar, olaryň her biri ýüzlerçe göwher bilen bezeler...