Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen dereje berildi

  • 29.11.2019 16:43
  • 5.2k+

Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň çözgüdi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Hormatly akademik» diýen dereje berildi.
Bu waka dostlukly ýurduň Baştutanynyň ylmyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi, doganlyk özbek hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda edýän ýadawsyz tagallasyna goýulýan hormatyň hem-de onuň ykrarnamasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany bu hormatly at bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüne Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäniň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ýeten derejesiniň ykrar edilmegi we iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

düýn 23:36
855

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....