Türkmenistanda IT hyzmatlary boýunça Maglumat tehnologiýalar merkezi dörediler

  • 28.11.2019 17:45
  • 4.1k+

Ýurdumyzda elektron hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak, Interneti ösdürmek üçin Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binýadynda Maglumat tehnologiýalar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu merkeziň guramaçylyk-usulyýet işini ýola goýmak maksady bilen, pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Bu babatda wise-premýer B.Öwezow hökümet mejlisinde belläp geçdi.
Hökümetiň Başlygynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde IT meýdançasyny döretmek boýunça taslamanyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi.
Habar berlişi ýaly, şu taslama laýyklykda bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän maglumat tehnologiýalar meýdançasyny açmak meýilleşdirilýär. Şol ýerde hünärmenler we talyplar hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tejribe alyşmaga hem-de programma üpjünçiligi babatda bilim almaga mümkinçilik dörediler.
Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Degişli konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem talyplaryň tagallalary bilen sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçilik maksatnamasy, degişli portallar işlenip taýýarlanyldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda uzak aralykdan okuwlar we wideokonferensiýalar yzygiderli guralýar.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda milli we halkara ölçeglerine, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere IT-meýdançalary döretmek baradaky meseleleri gutarnykly seljermegi tabşyrdy.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......