Alymlar gan damjasy boýunça rak keseliniň 13 görnüşiniň bardygyny kesgitlemegi öwrendiler

  • 28.11.2019 11:44
  • 6.4k+

«Toshiba» korporasiýasy rak keselini anyklamagyň usulyny işläp düzdi, ol gany analiz etme boýunça bu keseliň barlygyny 99% anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Anyklamagyň bu usulynyň esasynda aýratyn RNK molekulalarynyň görnüşlerini we düzümini ýüze çykarmak durýar. Analizi geçirmek üçin bary-ýogy bir damja gan we takmynan, iki sagat wagt gerek. Şeýle-de, ýaponiýalylar labaratoriýadan daşynda test geçirmek üçin hem amatly enjamy döretdiler.
Test rak keseliniň 13 görnüşiniň bardygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ol hatda keseliň iň irki derejeleri üçin hem işleýär, diýip Toshiba-da bellenilýär. Ýapon barlagçylary gerek bolan barlaglaryň tapgyry tamamlanandan soň, keseli anyklamagyň täze usuly hemme ýerde ulanylar diýip umyt edýärler.
Ýaponiýada onkokesellileriň sanynyň artmagy esasynda soňky ýyllarda bu kesele garşy göreşmegiň täze usullary işjeň öwrenilýär. Ilkinji nobatda, olar irki derejedäki keselleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän, keseli anyklaýjy usullary kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Munuň üçin ýuwaş-ýuwaşdan emeli aňy has giň ulanmaga başlaýarlar.

düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......