Motorola Razr 2 barada ilkinji maglumatlar peýda boldy

  • 27.11.2019 21:17
  • 5.9k+

Tiz wagtdan Motorola Razr smartfonynyň relizi geçiriler, ol nusgawy «raskladuşka» korpusynda çeýe ekrana eýe boldy. Şonuň bilen birlikde, bu täze görnüş baradaky ilkinji maglumatlar anons geçirilenden bir hepdeden soň peýda boldy. Bu barada LetsGoDigital habar berýär.
Neşiriň maglumat bermegine görä, Motorola ABŞ-nyň patent we söwda belgileri boýunça edarasyndan gurluş üçin Razr-a meňzeş patent aldy. Şol bir wagtda, smartfon täzelikleriň birnäçesine eýe boldy.
Esasy elementi üýtgewsiz galdy – bu wertikal boýunça eplenilýän raskladuşka, gurluşyň gapdalynda bolsa dört sany dolandyryş sensor düwmeleri peýda boldy, düwmeleri gapagyň açyk wagty hem, ýapyk wagty hem ulanyp bolýar. Sensorlar 20-ä çenli dürli funksiýalary we hereketleri göterýärler. Olardan 13 sanysy – açyk ekran üçin, 7 – ýapyk ekran üçin.
Ýene bir täzelik — displeýiň aşagynda oturdylan barmaklaryň yzyny skanerleme bolup biler.
2019-njy ýylyň Motorola Razr smartfony GPU Adreno 616-ly Snapdragon 710 prosessoryna we 6/128 GB ýada eýe boldy. Akkumulýatoryň sygymy 2510 mA-sag barabar. Razr 2142x876 piksel giňlige we taraplary 21:9 gatnaşykly 6,2 dýuýmly OLED displeýine eýe boldy. Daşky tarapynda 800x600 giňlikli 2,69 dýuýmly goşmaça ekran ýerleşýär.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......