TMCARS ilkinji gezek «Türkmentel – 2019» halkara sergisine gatnaşýar

  • 27.11.2019 19:10
  • 8.2k+

Internet ulanyjylaryň ýörgünli portaly «TMCARS» ilkinji gezek «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisine gatnaşýar.
«TMCARS» — ýurdumyzyň belli awtomobil portaly eýýäm birnäçe ýyldan bäri ulanyjylaryň isleglerini nazara alyp, internet söwdasy, mahabat boýunça hyzmatlary elýeterli edip gelýär.
«TMCARS» – mahabatyň täze usuly. Bu portal telekeçilik işiňizi öňe ilerletjek mahabatyň ýerleşdirilmegi üçin oňat mümkinçilikdir. 
Ýurdumyzda resmi taýdan bellige alnan «TMCARS» portaly okyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýakynda «Habarlar» bölümini hem işe girizdi. «Habarlar» bölüminde ýurdumyzyň hem-de dünýäniň möhüm täzelikleri bilen bir hatarda — Syýahatçylyk; Moda we stil; Sport; Hi-tech; Awto; Biznes; Hadysalar; Saglyk; Nebit we gaz; Peýdaly maglumat — ýaly ugurlar boýunça hem täzelikleri okap bilýärler. 
«Hem täze, hem tiz» şygar bilen hereket edýän «TMCARS – Habarlar» bölüminde islendik okyjy özüni gyzyklandyryp biljek makalalardyr täzelikleri tapyp biler.
Belläp geçsek, 27-28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly ХII halkara sergisine hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahata ýerli we daşary ýurtlaryň 90-dan gowrak kompaniýalary gatnaşýar.

düýn 22:56
1.5k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.6k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......