Alymlar sazyň bütin adamzadyň uniwersal dilidigini subut etdiler

  • 27.11.2019 06:04
  • 1.9k+

Garward uniwersitetiniň barlagçylary şeýle netijä geldiler, wagtyna we olary ýöredijileriň ýaşaýan ýerine garaşsyzlykda saz dürli medeniýetleriň uniwersal dili hasaplanylýar.
Alymlar medeniýetleriň 315-si baradaky maglumatlary seljerdiler. Sazy ýa-da aýdymy şöhlelendirýän sözler ýa-da düşünjeler olaryň ählisinde hem hereket edýärdi, bu bolsa jemgyýetçilik ösüşi üçin sazyň ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.
Ondan soň alymlar medeniýetleriň her birinde bar bolan däp-dessur, hüwdi we beýleki saz kompozisiýalaryny derňediler. Analiz seslenmäniň fiziki parametrleri boýunça we kompozision gurluşyň aýratynlygy boýunça geçirildi. Mundan başga-da, döwrebap professional sazandalaryň we diňleýjileriň subýektiw bahasy nazara alyndy.
Alnan maglumatlary birnäçe toparlar boýunça bölüşdirdiler, olardan iň ähmiýetli üç sany parametr, diňleýjide emosiýa oýarmaklyga ukyplylyk, däp-dessur ähmiýeti we formal derejesi boldy. Ondan soň alymlar dürli toparlardan saz kompozisiýalaryny özaralarynda we medeniýetleriň arasynda deňeşdirdiler.
Her bir medeniýetiň içindäki aýdym toparlarynyň arasyndaky tapawut dürli medeniýetleriň birmeňzeş toparlarynyň arasyndaka garanda has ýokarydy. Mundan barlag geçirijiler şeýle netijä geldiler, saz medeniýete garaşsyzlykda psihologiki dolulygy bilen uniwersaldyr.
Barlag baradaky hasabat Science žurnalynda neşir edildi.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......