Alymlar beýniniň wagtyndan öň garramagynyň sebäbini ýüze çykardylar

  • 27.11.2019 05:52
  • 6.4k+

Bostonyň alymlary orta ýaşdaky adamlarda metabolistik alamatlaryň beýniniň wagtyndan öň garramagyna getirmäge ukyplydygyny anyklamagy başardylar, MedicalXpress ýazýar.
Metabolistik alamatlar semizligiň, gipertoniýanyň ýa-da şekeriň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde ösýär. Barlaga 35-55 ýaş ululykdaky 2,1 müň erkek we aýal gatnaşdy. Özleriniň barlagynda alymlar magnit-rezonans tomografiýasynyň netijesini derňediler. Barlaga gatnaşyjylara logiki meseleleri çözmeklik hem tabşyryldy.
Barlagyň dowamynda metabolistik alamatly adamlarda beýniniň göwrüminiň sagdyn adamlara garanda kiçidigi anyklanyldy. Şonuň netijesinde alymlar şeýle netijä geldiler, metabolistik alamatlar diabetiň, demensiýanyň we Alsgeýmer keseliniň sebäpkäridir.
Metabolistik alamatlaryň ösmek howpuny peseltmek üçin lukmanlar balykdan, ir-iýmişlerden, gök önümlerden we galla önümlerinden berhiz tutmagy maslahat berýärler.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....