Hytaý BeiDou nawigasion ulgamynyň iki hemrasyny uçurdy

  • 25.11.2019 06:32
  • 2.1k+

23-nji noýabrda iki nawigasion hemraly “Çançžen-3B” göteriji raketa Syçuan welaýatyndaky “Siçan” kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.
Goýberilen apparatlar BeiDou nawigasion toparlanyşygynyň 50-nji we 51-nji hemralary boldy. BeiDou toparlanyşygynyň ýaýbaňlandyrylmasy üç tapgyrda geçirilýär, täze hemralar BeiDou-3 torunda ýer eýelärler. BeiDou-3 toparlanyşygyny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli doly derejede döretmek meýilleşdirilýär.
Bu uçurylyş “Çançžen” bölüminiň göteriji raketasy üçin 391-nji boldy. Göteriji raketa we nawigasion hemralary Hytaý aerokosmiki ylmy-tehniki korporasiýasynyň kärhanasy tarapyndan işlenilip düzüldi.
REGNUM agentliginiň öň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň awgustynda BeiDou hytaý nawigasion toparlanyşygy hemralarynyň mukdary boýunça GPS global pozisionerleme amerikan sistemasyndan öňe geçdi.

şu gün 16:56
832

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1.1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....