Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi

  • 23.11.2019 03:12
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň bu pudagynda çözülmeli meseleleriň üstünde durup geçdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýerden-suwdan peýdalanmakda, ýeriň hakyky eýesini tapmakda, hasyllylygy ýokarlandyrmakda we ekin dolanyşygyna geçmekde netijeli işleri alyp barmaly. Geljek ýyldan başlap gowaça meýdanlarynyň artdyrylýandygyny göz öňünde tutup, ýerleri ekişe talabalaýyk taýýarlamak üçin täze, döwrebap usullary, tehnologiýalary we tehnikalary ulanmaly. Ýerleri endigan tekizlemek üçin lazerli tekizleýjileri giňden peýdalanmaly.
Sanly ulgama geçmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly. Hasyllylygy ýokarlandyrmak babatda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmaly. Ekinlere hyzmat etmegiň agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirilmeli.
Ýerleriň hasabyny takyk ýöretmek üçin Ýer kadastryny taýýarlamagy çaltlandyrmaly. Oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamaly we netijeli ulanmaly. Pudagyň mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün edilmegini hem gazanmaly. Ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy netijeli göreş alyp barmaly.
Daýhanlara bank karzlaryny uzaga çekdirmän, wagtynda bermeli diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu işe Merkezi bankyň we «Daýhanbankyň» ýolbaşçylary berk gözegçilik etmeli.
Telekeçiler bölünip berlen ýerlerde ýyladyşhanalaryň we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmaly.
Oba hojalygyny suw serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem örän möhüm wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň ýitgisini azaltmak maksady bilen, täze suw howdanlaryny gurmak, bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, derýalarymyzyň, suwaryş we şor suw akabalarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak, suw hojalygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we läbik sorujylary satyn almak boýunça döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýumlaryň goýberilýändigini nygtady.
Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamak, suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işlerini, täze howdanlaryň gurluşygyny çaltlandyrmaly. Ekinleri suwarmakda suw tygşytlaýjy usullary, ýagny damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usullaryny hem giňden ornaşdyrmaly. Zeýkeşleri wagtly-wagtynda arassalap durmaly.
Mallary hususy eýeçilige bermek işlerini hem çaltlandyrmaly. Maldarçylyk pudagynyň ot-iým üpjünçiliginde, öri meýdanlaryny ulanmakda netijeli işleri geçirmeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Mallaryň önümliligini artdyrmak, tohumçylygyny gowulandyrmak, pudagy ylmy esasda ösdürmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly. Bu işde alymlaryň ornuny has ýokarlandyrmaly. Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hem çaltlandyrmaly.
Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi, oba hojalyk önümleriniň bol öndürilmegini üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmegi tabşyrdy.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......