Aşgabatda teatr sungatynyň halkara festiwaly geçirilýär

  • 21.11.2019 05:22
  • 2.2k+

Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan teatr toparlarynyň 14-sini birleşdirdi. Biziň ýurdumyza esasy teatr toparlary wekilçilik edýärler.
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly hem milli we dünýä medeniýetine goşulmaga, dünýä meýillerini içgin öwrenmäge hem-de bu ugurda giňden tejribe alyşmaga, artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
20-nji noýabrda festiwalyň gün tertibi Baş drama teatrynda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň artistleri tarapyndan ussatlyk sapaklary geçirildi, ABŞ-dan gelen “Theatre simple” teatrynyň topary bolsa, paýtagtymyzyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medenýiet institutynyň talyplary bilen ussatlyk tejribesini paýlaşdylar.
Şeýle hem festiwalyň gün tertibi spektakllaryň ýedisini öz içine alar. Baş drama teatrynda “Döwlet guşy” spektakly Özbegistan Respublikasynyň Döwlet satira teatrynyň “Padarkuş” atly sahna oýny görkeziler.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda, Pakistan Yslam Respublikasyndan gelen “Maas Foundation” teatr topary “Söýgi kitaby” atly spektakly bilen çykyş eder, agşam bolsa, tomaşaçylar Gazagystan Respublikasynyň “Žastar” teatrynyň “Žibek” atly sazly sahna eserine tomaşa edip bilerler.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Stambulyň döwlet teatrynyň “Gorkut atanyň bir demi” atly sahna oýny görkeziler.
Ýaş tomaşaçylar üçin Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Baky rowaýatlar” atly spektakl hem-de Russiýa Federasiýasynyň Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň sahnalaşdyran «Balykçy we balyjak barada erteki» atly sahna oýun görkeziler.
Sahna sungatynyň halkara festiwalynyň çäklerinde Estoniýanyň R.A.A.A.M. teatrynyň “Häzir söýgüniň wagty däl”, Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň (RF) «Skripkaly serçe üçin sýuita», Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan “Theatre simple” teatrynyň “Kerwen gürrüňleri”, Owganystan Yslam Respublikasynyň Gerat teatrynyň sahnalaşdyran “Ümsümligiň syry”, Eýran Yslam Respublikasynyň «Sanan» teatrynyň adybir «Sanan» atly spektakllary görkeziler.
Ýaş teatr muşdaklary üçin Kiýew akademiki gurjak teatrynyň «Gazlar we guwlar», Täjigistanyň Döwlet respublikan gurjak teatrynyň “Kim günäkär”, «Ekiýat» tatar döwlet gurjak teatrynyň «Geçi we goýun» atly sahna işleri görkeziler. Türkmen tarapyndan festiwala Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň “Binýat”, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň “Leýli we Mejnun” atly spektakllar hödürlendi. Festiwalyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçiriler.
23-nji noýabrda Baş drama teatrynyň sahnasynda görkeziljek “Domrul” atly spektakl festiwalyň jemini jemlär. Şeýle hem şol gün geçiriljek döredijilik forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň topar ýolbaşçylarynyň we teatr işgärleriniň iş maslahatynda sahna sungatyny ösdürmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine garalar.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň netijeleri jemlener hem-de ýapylyş dabarasy geçiriler.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......