Alymlar haýsy içginiň garrylygyň we sowuklamanyň öňüni alýandygyny mälim etdiler

  • 20.11.2019 05:42
  • 7.7k+

Geçirilen barlaglar kofäniň düzüminde garrylyga we dürli sowuklamanyň ýüze çykmagyna garşy durýan antioksidantlaryň köp mukdarynyň bardygyny görkezdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, içgi organizmde okislenme prosesini ýüze çykarýan erkin radikallary gowşadýar.
Bu proses ilkinji nobatda, hroniki keselleriň we garramanyň güýçlenmegine getirýär. – Alymlar kofe dänesinde müňe golaý antioksidantlaryň bardygyny kesgitlediler, ýüzlerçe täzesi olaryň gowrulan wagtynda ýüze çykýar.
Antioksidantlar sowuklama garşy göreşýärler – artrit, ateroskleroz we zyýanly täze çişlerden başlap, dürli hroniki keselleriň esasy sebäpleri bilen – “Medikforum” portaly ýazýar. Üstesine-de, düýpli keselleriň güýçlenmezligi üçin çaşka kofeleriň içmeli mukdary alymlaryň hasaplamary boýunça, günüň dowamynda üçe-dörde barabar.
Eger-de ondan köp içseň – saglyk üçin goşmaça peýda bolmaz. Mundan başga-da köp alymlar kofäniň köp mukdarda kabul edilmegini rak keseliniň, ýürek-damar keselleriniň, demensiýa, bagyr keseliniň, şeýle-de diabetiň ösmek howpunyň gowşamagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Şonuň bilen birlikde siz içgiňize näme goşýandygyňyza-da üns bermelisiňiz: şekeriň, gaýmagyň ýa-da süýdüň mukdaryna doly derejede gözegçilik etmek gerek, ekspertler nygtaýarlar. Öň kofe içýän adamlaryň organizminde kofe içmeýänlerde has az bolan peýdaly bakteriýalaryň ýüze çykarylandygy habar berlipdi. Kofe söýüjilerde zyýanly bakteriýalar, tersine, gowşakdy.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....