Samsung SAMOLED markasyny patentledi

  • 18.11.2019 21:58
  • 3.1k+

Samsung kompaniýasy SAMOLED söwda markasyny patentledi. LetsGoDigital çeşmesiniň maglumatlary boýunça Galaxy S11-de oturdyljak täze displeýler şeýle atlandyrylýar. Ýakyn wagtda Samsung kompaniýasy SAMOLED tehnologiýaly ekranlary görkezer diýlip çaklanylýar. Resminamada SAMOLED ekrany oturdyljak gurluşlar sanalyp geçilýär – smartfonlar, telewizorlar, monitorlar we beýlekiler. Söwda markasynyň hasaba alnyşy birwagtda patent we söwda markasy boýunça ABŞ-nyň Guramasynda (United States Patent and Trademark Office, USPTO) we Günorta Koreýanyň intellektual emläk boýunça Edarasynda (Korean Intellectual Property Office, KIPO) amala aşyryldy.
Ähtimal, tehnologiýa adaty AMOLED-da esaslandyrylýandyr, S nämäni aňladýar, diňe şony bilmek galýar. Iň bir aýdyň çaklama – Super. Ahyrky ulanyjy üçin, elbetde, AMOLED bilen SAMOLED-iň arasyndaky tapawut ähmiýetsiz bolup biler.
SAMOLED ekranly ilkinji smartfonuň indiki ýylyň başynda ýüze çykjak Galaxy S11 boljakdygy barada çaklama bar. Ýene bir çaklama aýdylýar, SAMOLED paneli bilen maýyşgak smartfon Galaxy Fold 2 hem üpjün ediler.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......