Gonalgasyz söwda uçuşynyň täze rekordy goýuldy — 19 sagat 19 minut

  • 17.11.2019 18:20
  • 3.7k+

Qantas awstraliýa awiakompaniýasy Londondan Sidneýa ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak bilen söwda uçuşynyň dowamlylyk rekordyny täzeledi. Awiakompaniýanyň habar bermegine görä, Boeing 787-9 Dreamliner uçary howada jemi 19 sagat 19 minut sarp etdi. Bu Sunrise barlag meýilnamasynyň çäklerinde geçirilen ikinji uçuş boldy.
Sunrise meýilnamalarynyň çäklerinde Qantas hünärleri uzak wagtlaýyn uçuşlaryň uçaryň ekipažyna we onuň ýolagçylaryna edýän täsirini öwrenýärler. Uçuş wagtynda ýolagçylaryň ukusyna we olaryň iýmitine lukmanlar gözegçilik edýär. Meýletinçiler uçuş wagtynda birnäçe gezek fiziki hereketleri hem ýerine ýetirýärler.
Uçarmanlardan uçuş wagtynda ensefalogramma alynýar. Mundan başga-da, hünärmenler ekipažlarda melatoniniň derejesini barlaýarlar. Uçarmanlar hem ünslülige degişli testleri yzygider geçmeli.
The Guardianyň ýazmagyna görä, Londondan Sidneýa uçuş wagtynda uçaryň bortunda ekipažlardan we lukmanlardan başlap, 40 adam bardy. Uçarda hiç hili ýük ýokdy. Sidneýa gelen wagtynda uçarda ýene 1 sagat 45 minut üçin benzin galypdy.
Öň Qantas Londondan Sidneýa uçuş edipdi – 1989-njy ýylda awiakompaniýanyň Boeing 747-400 boş ýük uçary söwda uçarlarynyň uzak wagtlaýyn gonalgasyz uçuşynyň barlag meýilnamasynyň çäklerinde şu ýol boýunça uçuşy amala aşyrypdy.
Meýilnama boýunça Sunrise Qantas ýene bir söwda gatnawyny ýerine ýetirer – Sidneýdan Nýu-Ýorka. Soňra awiakompaniýa barlag meýilnamalarynyň jemini jemlemegi göz öňünde tutýar. Eger-de barlagyň netijeleri oňyn bolsa, uçuşlar hem potensial söwda taýdan amatly bolsa, dowamly ugurlar 2022-2023-nji ýyllarda yzygiderli goýberiler.
Sunrise meýilnamasy boýunça ilkinji söwda uçuşyny Qantas awiakompaniýasy 2019-njy ýylyň oktýabrynyň ahyrynda ýerine ýetiripdi. Boeing 787-9 laýneri Nýu-Ýorkdan Sidneýa uçuşy amala aşyrdy. Uçuş dowamlylygy 19 sagat 16 minuta ýetdi. Uçaryň bortunda ýüksüz 49 ýolagçy bardy.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......