Androide ýükleme menejeri name üçin gerek

  • 15.11.2019 06:59
  • 4.3k+

Häzirki wagtda ähli smartfonlar diýen ýaly internetden içki ýada faýllary ýüklemek mümkinçiligine eýe. Şonuň bilen birlikde Google Play Store-da hem faýllary ýükläp almak üçin birnäçe programmalar toplumy hereket edýär. Şeýle logiki sorag ýüze çykyp biler: OC onsuz ähli zady başarýarka, ýükleme menejeri näme üçin gerek? Bu soraga jogap göräýmäge gaty aýdyň däl, ýöne biz onuň näme üçin gerekdigini belläp geçeris.
Androide ýükleme menejeri näme üçin gerek?
Ilki bilen, faýllary ýükleme sistemasynyň nähili işleýändigine düşünmeli. Haçan-da siziň telefonuňyz faýly “maglumatlaryň uly bir bölegi” ýaly edip ýükleýärkä, ol birikmäniň ýokary hyzmat ediş mümkinçiligini ulanyp bilmez. Bu ilkinji nobatda, hyzmatyň çäkliligi we smarfonuň özi bilen bagly, çünki internet-birikmäniň bir bölegi zerur bolan sistemalar we beýleki programmalar üçin galdyrylýar. Ýükleme menejeri bar bolan gurallardan tapawutlylykda, faýllary ýygnamagyň tizligini sazlamaga we internet birikmäni doly derejede ulanmaga mümkinçilik berýär. Kähalatlarda ol ýa-da başga bir sebäplere görä ýükleme işiniň kesilýän wagtlary bolýar. Şeýle ýagdaýda Androidde bar bolan serişdeler bilen ony şol kesilen ýerinden başlap dikeltmek hem başartmaýar – faýly täzeden ýüklemeli bolýar. Ýükleme menejeri şeýle kemçiliklerden daşda.
Ýöriteleşdirilen programmalaryň ýene bir artykmaç tarapy – ýükleme menejeri bir gezekde birden köp faýllary hem kynçylyksyz ýükleýär. Mundan başga-da, siz birnäçe ýükleme işlerini işe girizip, biri biriniň yzyndan tertip boýunça ýüklener ýaly, “olary nobata goýup bilersiňiz”.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......