Ilon Maskyň kompaniýasy orbita 60 sany Starlink hemrasyny goýberdi

  • 12.11.2019 23:55
  • 1.8k+

Agyr raketa göteriji Falcon 9 11-nji noýabrda ýere golaý pes orbita internet-üpjün ediş Starlink global torunyň ýaýramagyny dowam etdirmek üçin 60 sany kiçi-hemra goýberdi. Bu barada SpaceX kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär.
Falcon 9-yň uçurylyşy ABŞ-nyň gündogar wagty boýunça Florida ştatynyň NASA kosmodromynda 9:56-da (17:56 moskwa wagty boýunça) amala aşyryldy.
Bu ikibasgançakly göteriji raketanyň eýýäm dördünji goýberilişi. Halas ediş gämileri göteriji raketalaryň köp gezek ulanylmaga niýetlenilen obtekateliniň böleklerini ýörite suw üsti torlarda tutmagy makullamadylar. Beýle çözgüt Atlantikada güýçli tolkunlaryň bolýandygy we şular ýaly şertlerde olary tutmakda bu gurluşlaryň ygtybarlylygynyň ikuçludygy üçin kabul edildi. Muňa garamazdan, SpaceX kompaniýasynyň ýörite halas ediş gämileri obtekateliň bölekleriniň suwa gonan ýerine ugradylar, “Interfaks” habar berýär.
Starlink – bu geljekki nesliň hemra tory. Ol Ýeriň ýaşaýjylaryny interneda giň möçberde elýeterlilik bilen üpjün etmäge ukyply. Bu taslamanyň durmuşa geçirilişi 2018-nji ýylyň fewralynda başlady, SpaceX kompaniýasy onuň amala aşyrylmagyna giden çykdajyny on milliard dollar diýip bahalandyrýar. Bilermenleriň pikiriçe, jemleýji pul mundan ýokary bolar.
2019-njy ýylyň oktýabrynda SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask ilkinji gezek özüniň sahypasynda Twitterda Starlinkiň kömegi bilen habar ýazdy.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......