Akylly sagatlaryň täze Huawei GT2 wersiýalary satylyp başlandy

  • 12.11.2019 05:43
  • 2.9k+

Huawei kompaniýasy sentýabrda Watch GT2 akylly sagatlaryny hödürledi, sentýabrda hem diametri 46 mm ekranly uly wersiýalaryň satlygy başlandy. Indi bolsa has ykjam wersiýalary satlyga goýbermegiň wagty geldi – diametri 42 mm displeýli.
Ol Hytaýda üç ulanyşda hödürlenildi: sport, moda we bezeg. Bahalary, degişlilikde, - $200, $225, $270. Eger-de owadanlygyna seretmeseň, onda olaryň ulanyş häsiýetleri birmeňzeş. Sagatlar SoC Kirin A1 esasynda gurlan, Bluetooth 5.1-e eýe, gije-gündiz ýürek urmasynyň ýygylygyna monitoringini alyp barýar we ganyň kislorod bilen doýgunlygyny ölçemäge mümkinçilik berýär. Bellenilen awtonomlygy – 1 hepde.
Mundan başga-da, Xiaomi kompaniýasy hem özüniň ilkinji Xiaomi Mi Watch akylly sagatlarynyň satuwyna başlady. Öndüriji gajeti “goşar üçin smartfon” hökmünde öňe sürýär.
Sagatlar heniz diňe Hytaýda ýüze çykdy. Polat korpusly birnäçe reňkdäki sagatlar 185 dollar baha bilen hödürlenilýär, onuň gaýyşlary hem dürli.
Sagatlar 1,78 dýuýmly kwadrat ekrana, SoC Qualcomm Snapdragon Wear 3100 sistemasyna, sagatda 570 Amper akkumulýatora, FM-radio, NFC, Bluetooth we Wi-Fi tehnologiýalaryna eýe boldy. Awtonom işi 36 sagada barabar. Şeýle-de eSIM arkaly smartfona birikmesiz sesli jaňlar mümkinçiligi bar.
Sagatlar hususy adaptirlenen daşlyklaryň MIUI for Watch wersiýalaryny ulanýar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......