Baha we öndürijilik babatda iň amatly smartfonlar

  • 10.11.2019 20:44
  • 6.6k+

AnTuTu oktýabr reýtingi dürlüligi bilen tapawutlanýar. AnTuTu kompaniýasy özüniň bahasy boýunça iň gowy öndürijiligi hödürleýän smartfonlaryň täzelenen reýtingini neşir etdi. Reýting 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyryndaky hytaý bazarynyň ýagdaýyny beýan edýär.
Bu reýtingde smartfonlar dört sany esasy baha kategoriýalary boýunça bahalandyrylýar – 1449 ýuana çenli (207 dollara çenli), 1500-1999 ýuan (214-285 dollar), 2000-2999 ýuan (286-429 dollar) we 3000 ýuandan ýokary (429 dollar).
Iň býujetli kategoriýada Snapdragon 845-iň esasynda döredilen, 6GB operatiw we 64GB fleş-ýatly 2018-nji ýylyň flagmany Meizu 16th lider boldy. Ondan soň Meizu X8 4/64 GB we Honor 9X 6/64 GB gelýär. Täsin ýagdaýda bu segmente onunjy orny eýelän, 2019-njy ýylyň üçünji çärýeginde çykan Xiaomi Redmi Note 8 Pro 4/64 GB goşulmagy başardy.
Ikinji kategoriýada (214-285 dollar) Snapdragon 855-iň esasynda 8/128 GB wersiýada Lenovo Z6 Pro hökümdarlyk edýär. Ikinji we üçünji orunda Vivo iQOO 6/128 GB we Honor V20 6/128 GB ýerleşdi. Iň soňky orny Xiaomi CC9 6/128 GB eýeledi.
Üçünji kategoriýada (286-429 dollar) Redmi K20 Pro 8/256 GB öňe çykýar, ondan soň Meizu 16s 6/128 GB, Nubia Red Magic 3 8/128 gelýär. Bu modelleriň üçüsi hem Snapdragon 855-iň esasynda işleýär. Onlugy Xiaomi Black Shark 2 Pro 12/128 BG jemleýär.
Iň gymmat kategoriýada (429 dollardan ýokary) birinji orny OnePlus 7T 8/256 GB eýeleýär, onuň yzyndan Asus ROG Phone 2 8/128 GB we Vivo iQOO Pro 5G 8/128 GB gelýär. OnePlus 7T 90Gs ýygylykly ekrana eýe boldy, Asus ROG Phone 2 bolsa – 120 Gs. Onlugy Huawei P30 8/128 GB jemleýär.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......