American Airlines kompaniýasy Boeing 737 MAX uçarlarynyň uçuşyny martda dikelder

  • 10.11.2019 20:30
  • 2.3k+

American Airlines kompaniýasy Boeing 737 MAX uçarlarynyň uçuşyny dikeltmegi 2020-nji ýylyň 5-nji martyna süýşürdi, bu barada onuň saýtynda habar berilýär. Öň ol 16-njy ýanwara meýilleşdirilipdi.
Habarda kompaniýanyň raýat awiasiýasynyň Federatiw edarasy we ABŞ-nyň transport Ministrligi, şeýle-de Boeing kompaniýasy bilen ylalaşykdadygy barada aýdylýar. Uçar şahadatnamadan geçenden soň, demonstrasion uçuşlar geçiriler. The Wall Street Journal gazeti ýolagçylara Boeing 737 MAX uçarlarynyň howpsuzdygyny subut etmek üçin uly amerikan awiakompaniýalarynyň şeýle uçuşlary geçirmelidigi barada ýazypdy.
Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Lion Air awiakompaniýasynyň Boeing 737 MAX uçary Jakartada heläkçilige sezewar boldy, bortda ýerleşen 189 adamyň ählisi heläk bolupdy. 2019-njy ýylyň 10-njy martynda Ethiopian awiakompaniýasynyň Efiopiýadan Keniýa uçan Boeing 737 MAX uçary hem heläkçilige uçrady. Ekipažyň we ýolagçylaryň ählisi (157 adam) heläk boldy. Şundan soň Boeing 737 MAX-yň uçuşy ähli ýerlerde wagtlaýynça saklanyldy.
Boeing milliarda golaý ýitgi getirdi. 24-nji oktýabrda ABŞ-nyň iki sany uly awiakompaniýasy – Southwest Airlines we American Airlines özüniň maliýe hasabyny çykarypdylar. Kompaniýanyň ikisi hem heläkçilige uçramak arkaly şu ýylyň martyndan bäri uçuşyny bes eden Boeing 737 MAX laýnerini aktiw satyn alýardylar. Netijede, awiakompaniýalar müňlerçe gatnawy ýatyrmaly boldular, olaryň ýitgileri bolsa ýylyň jemi boýunça $1 mlrd ýetdi.
Southwest 737 MAX-y esasy satyn alyjy hasaplanýardy: kompaniýanyň parkynda bu modeliň 34 uçary ýerleşýär, ýene 41 sanysy – ýola goýmagyň ugrunda. American angarynda MAX-yň 24 uçary dur we ýene 76 sanysy zakaz edilen – olaryň bäşisi üçünji çärýege goýulmalydy. Üçünji çärýegiň özünde American Airlines 9,5 müň gatnawy ýatyrmaly bolupdy. Netijede, bu iki kompaniýanyň ýylyň jemi boýunça girdejileri $500 mln azalar.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......